• English
  • Russian
  • Turkmen

GÜMRÜK TÖLEGLERDEN boşadylmak!

ŞAHSY ULANYŞ MAKSATLY UGRATMALAR ÜÇIN:

  • Boşadylýan harytlar diňe şahsy ýa-da öý hojalygynda ulanylmak üçin niýetlenen bolmalydyr.
  • Ýüz tutýan tarap fiziki şahs bolmaly.
  • Amaly amala aşyrmak üçin Omniva tarapyndan soralýan resminamalary iberiň.
  • Harydyň CIF bahasy 500 ABŞ dollaryndan ýokary geçmeli däldir (hasap faktura + ätiýaçlandyryş + halkara daşama bahasy).
  • Çäklendirilen ýa-da gadagan edilen harytlara degişli däldir.
  • Diňe bir poçta ugratmasyna degişlidir.
  • Bir poçta ugratmasynda şol bir görnüşdäki harytdan ikiden köp bolmaly däldir.

HÖKMANY ÝERINE ÝETIRILMELI TALAPLAR:

Habar beriş görnüşi dolduryň. Bu amal harytlar Maýamidäki ammarlarymyza gelip gowuşmazdan ozal ýerine ýetirilmelidir.

EGER SIZIŇ ÝÜKÜŇIZ BELLENEN ÇÄKDEN GEÇSE NÄME ETMELI:

  • Türkmenistanyň poçta operatory ýüküňiziň gümrük tarapyndan saklanandygy barada Size habar berer. Size soňky hereketler boýunça anyk görkezmeler beriler.