• English
  • Russian
  • Turkmen
ÖŇÜNDEN HABAR BERIŞ ÜÇIN SIZE NÄHILI MAGLUMATLAR GEREK?
1

Onlaýn dükanyň inwoýsy ýa-da hasap-fakturasy.
Satyn alnanda dükan tarapyndan berilen harydyň beýanyny we töleg möçberini görkezýän inwoýsy SAKLAMAGYŇYZ örän wajypdyr. Bu resminama sargytlaryňyzy (posylkalaryňyzy) işläp taýýarlamak üçin gerek bolar.

2

Treking belgisi ýa-da yzarlaýyş belgisi.
Yzarlaýyş belgisi - bu söwda edilenden soň ABŞ-nyň internet-dükanlary tarapyndan 2 günüň dowamynda ýa-da ondan ir wagtda berilen özboluşly kesgitleýiş (identifikasiýa) belgisidir. Öňünden habar berişi döretmek örän möhümdir.

ÖŇÜNDEN HABAR BERIŞI ÝÖNEKEÝ ÄDIMLER BILEN ÝERINE ÝETIRIŇ
1
Şahsy hasabyňyza giriň

Ulgama giriň we şu görnüşi saýlaň: öňünden habar berişi nädip etmeli?

2
Yzarlaýyş belgini giriziň

Daşaýjyny saýlaň we ugratmaňyzyň yzarlaýyş belgisini giriziň: internet dükanyndan Omniva-nyň Maýamidäki gutusyna çenli. Bu maglumat internet dükany tarapyndan 1-2 günüň dowamynda elektron poçtaňyza iberiler.

3
Söwda barada maglumat

Söwda barada maglumaty giriziň (dükanyň ady, önümiň ady we bahasy).

4
Hasap-fakturany ýüklemek

Hasap-fakturany ýa-da inwoýsy faýl görnüşinde ýa-da başga görnüşlerde ýükläň.


Öňünden habar bermegiň artykmaçlyklary
  • Dogry öňünden habar berilen halatynda, siz eltip bermek wagtyny 1-3 güne çenli azaldyp bilersiňiz.
  • Ugratmaňyz barada maglumaty öňünden berseňiz siz gümrük resmileşdirme işiniň üstünlikli geçmegine kömek edersiňiz.
  • Eger öňünden habar berilmedik bolsa, harydyňyzyň eltip berilme möhleti uzalyp biler, sebäbi Türkmenistana gelen wagty harytlar gümrük gullugy tarapyndan bir-birden barlanylýar.



ÝADYŇYZDA SAKLAŇ:

Möhüm: internet-dükany tarapyndan size berilen her bir inwoýs üçin öňünden habar beriş amalyny gaýtalamaly. Eger sargyt bir inwoýs üçin 5 sany ýa-da ondan köp yzarlaýyş belgisini öz içine alýan bolsa, şol bir hasap-fakturany her bir treking belgisiniň ýanyna aýratynlykda goşmaly.

Göz öňünde tutuň: sargydyňyz ABŞ-nyň ammaryna baran wagty, hasaba alnan kredit ýa-da debet kartyňyz bar bolsa, degişli pul möçberi awtomatiki usulda hasabyňyzdan alynar, ýa-da şahsy hasabyňyzdan töleg etmek üçin elektron hat geler.